Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

27 Fewral 2024
400

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle-de iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti  Rejep Taýyp Ärdoga- na Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 26-njy fewraly.
Beýleki habarlar