Lukmanyň maslahaty

14 Fewral 2024
477

Saglyk barlaglaryndan geçmegiň ähmiýeti

Onkologik keseller, ýagny howply täze döremeler dünýäde ýaýran ýokanç däl keselleriň esasy bölegini emele getirmek bilen, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Ýatgynyň boýunjygynyň howply täze döremeleri aýallaryň howply täze döremeleriniň içinde köp duş gelýär. Bu keselde ýatgynyň boýunjygynda ilki howply täze döremeleriň öň ýanyndaky ýagdaýlar — ir durmuşa çykmaklyk, ir çaga dogurmaklyk, göwräňde galan çagany köp aýyrtmaklyk, şahsy arassaçylygyň düzgünlerini berjaý etmezlik, çilim çekmeklik, göwrelilige garşy goranyş serişdeleri uzak wagtlap ulanmaklyk, papilloma wirus ýokanjy immun ulgamyny peseldip, soň keseller bejerilmedik ýagdaýynda birnäçe ýylyň dowamynda howply täze döremäniň emele gelmegine getirýär. Howply çiş emele gelenden soň, çalt ösýär we bejerilmese, wagtyň geçmegi bilen, limfa mäzlerine we ýanaşyk agzalaryna, peşew halta, göni içegä ýaýraýar we zenanyň ömrüne uly howp salýar.

Çary ÇARYÝEW,
Boldumsaz etrap Gubadag şäher hassahanasynyň onkolog lukmany.
Beýleki habarlar