Ýaş pälwanlar bäsleşdi

14 Fewral 2024
635

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde türkmen milli göreşi boýunça ýaryşyň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdy.

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşda ýaş pälwanlar 40; 45; 48; 52; 57; 62; 68; 74 kilogram agram derejeleri boýunça özara bäsleşdiler. Çekeleşikli we gyzykly geçen ýaryşda her agram derejesi boýunça güýçlüler öňe saýlanyp, ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Netijede, Gökdepe etrabynyň topary birinji, Tejen etrabynyň topary ikinji, Babadaýhan etrabynyň topary bolsa üçünji orna mynayp boldy. Ýeňijilere hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şamuhammet ANNANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar