Dabaraly maslahat geçirildi

12 Fewral 2024
454

«Farap» şypahanasynda şanly ýylymyzyň şygaryna bagyşlanylyp dabaraly maslahat geçirildi. «Akyldaryň edebi mirasy — ruhy dünýämiziň baýlygy» diýen at bilen guralan maslahata il sylagly ýaşulular, ilkinji partiýa guramamyzyň agzalary, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda dana şahyrymyzyň şygyrlarynda öňe sürülýän sagdynlyk, arassa ahlaklylyk, dostluk dogrusyndaky pikirlere aýratyn ýüzlenildi. Türkmen edebiýaty, ruhy gymmatlyklarymyz, milliligimiziň dowam etdirilişi dogrusynda edilen täsirli söhbetler etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar şypahananyň lukmanlarynyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri boýunça taýýarlan sergisini synladylar.

Hudaýberdi DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar