Umumy öýümiziň goragynda

7 Fewral 2024
1065

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen tebigatynyň baýlyklaryny goramak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu ugurda toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi oňyn ilerlemeleri gazanmaga pugta esas berýär. Tebigatda deňagramlylygy saklamakda tokaýlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň bir bölegi Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde ýerleşýär.

Amyderýanyň kenarlary uzalyp gidýän tokaýlyk bolup, olaryň uly bölegi biziň goraghanamyzyň çäginde ýerleşýär. Tokaýlaryň esasy bölegi goralýan Nargyz, Gabakly we Görelde bölümlerimiziň çäklerine girýär. Olaryň ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Mysal üçin, Nargyz tokaýynda ösümlikleriň 80 görnüşi ösýär. Bu çäkde ösýän igde agaçlarynyň miweleri tokaý haýwanlary bolan sugunlara, şagallara, tilkilere, dürli guşlara iýmit bolup hyzmat edýär. Bu tokaýyň amatly tebigy şertleri biologik genofondy gorap saklamaga, ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Soňky döwürde tokaýda köpsanly ýabany haýwanlaryň, aýratyn-da, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen tokaý sugunlarynyň, bürgütleriň, hüwileriň sany ep-esli artdy.

Ahmetjan SADYKOW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar