Adaty itburun

2 Fewral 2024
603

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby ylmy-lukmançylyk maglumatlarynyň çeşmesi bolmak bilen, onda ene topragymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň iki müňden gowragynyň aýratynlygy, tebigy ýaýrawy, gory, çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy hem-de ulanylyşy giňişleýin beýan edilýär. Şeýle melhemlik ösümlikleriň biri hem itburundyr.

Itburun bägül güllüler maşgalasyna degişli bolup, dik ösýän baldakly, ýapragyny düşürýän gyrymsy agaçdyr. Onuň köp görnüşi terligine iýmäge ýaramly bolsa, galany guradylandan soň, çaý görnüşinde ýa-da gaýnadylyp ulanylýar. Onuň miwesinden dürli görnüşli şerbetler taýýarlanylýar.

Maral HAJYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 9-njy saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar