Köpugurly gatnaşyklary ilerletmegiň ýolunda

27 Ýanwar 2024
958

Golaýda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakub Ali Nazariniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana saparynyň çäginde ýurdumyzyň Mary welaýatynda bolup, dürli mazmundaky duşuşyklardyr çärelere gatnaşdy.

Eýranly wekiller saparyň ilkinji gününde dünýä siwilizasiýasynyň ösen merkezleriniň biri hasaplanýan «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Myhmanlar bu gadymy toprakda bolmagynyň çäginde ol ýerdäki öz asyl durkuny ýitirmän, gymmatyny şu güne çenli saklap gelen taryhy-arhitektura ýadygärlikleri bilen tanyşdylar. Muhammet ibn Zeýdiň, Soltan Sanjaryň, Hoja Ýusup Hemedanynyň hem-de Sahabalaryň kümmetleriniň, Al Mamunyň ýadygärliginiň gurluş aýratynlyklary, bezeg işleri, milli arhitektura çözgütleri olarda aýratyn täsir galdyrdy. Şeýle-de goňşy ýurduň wekilleri welaýat merkezi bilen tanyşlygyň dowamynda Gurbanguly hajy metjidiniň binagärlik aýratynlyklary barada içgin gyzyklanyp, bu ýerde dini dessurlary berjaý etdiler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
Beýleki habarlar