Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

26 Ýanwar 2024
698

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda diplomat dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýan oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz ygrarly ýurdumyzyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen umumy garaýyşlary hem-de işjeň tagallalary ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar