Estafeta bäsleşigi

23 Ýanwar 2024
590

Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda 8-9 ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda «Biz Oguz han nesli» atly şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. Oňa etrapdaky umumy bilim berýän mekdeplerinden toparlar gatnaşdy.

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilen etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşikde ruhubelent çagalar toply we halkalaýyn bellenilen aralyga ylgamak boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Turuwbaşdan çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda etrapdaky 19-njy orta mekdebiň topary ýeňiji boldy. 11-nji orta mekdebiň topary ikinji, 12-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji toparlar «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

Aýjahan EZIZOWA,
Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar