Sähralary nerli, maýaly türkmen

16 Ýanwar 2024
590

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda welaýatyň öri meýdanlarynda bolmagy hem-de ykbalyny asylly işe baglan çopan bilen duşuşyp, onuň işi, durmuşy bilen içgin gyzyklanmagy bizde uly täsir galdyrdy. Şonda kärendeçilik usulynyň aýratynlyklary bilen tanşan Gahryman Arkadagymyz maldarçylygyň milli ýörelgelerine ünsi çekip, halkymyzda düýe malyna aýratyn gadyr goýulýandygyny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň il saglygy barada dynuwsyz alada edýändigini ýene bir gezek subut etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Düýe maly — dünýe maly» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna möhüm orun berilýär. Ýedi hazynanyň biri bolan bu mal ata-babalarymyzyň asyrlarboýy peýdalanyp gelýän döwletli malydyr. Ir döwürlerde ümmülmez sähralary mesgen tutunan halkymyz, şol döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem maldarçylygy, şol sanda düýedarçylygy ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplaýar we düýe malyndan alynýan ähli önümleriň dermanlyk ähmiýetinden peýdalanyp gelýär. Şonuň üçin halkymyzyň dilinde ýer alan: «Geçili baý — kiçi baý, goýunly baý — goýy baý, sygyrly baý — saldamly baý, düýeli baý — dünýäli baý» diýen paýhasyň hem örän giň manysy bar.

Geçmiş taryhymyzda çarwaçylyk bilen meşgullanan pederlerimiz düýedarçylyga aýratyn üns berip, düýe malyny dünýe malyna deňäp saklapdyrlar. Ene-mamalarymyz gorküýzelerde düýe süýdünden çal tutup, agaran alypdyrlar, düýe ýüňünden saçak, bilguşak, dyzlyk dokapdyrlar, don, ýorgan-ýassyk, tikipdirler. Düýeden alnan her önüm mukaddeslik derejesinde görlüp peýdalanylypdyr we hiç wagt aýak astyna alynmandyr.

Mahym AMANOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy-kliniki şöhle bilen bejeriş bölüminiň rentgenolog lukmany.
Beýleki habarlar