«Lasio», «Atalanta» ýarym finalda

12 Ýanwar 2024
481

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy (Cop­pa Ita­lia) ýa­ry­şyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par­la­ryň 3-si bel­li bol­dy. Rim der­bi­sin­de «La­sio» «Ro­ma­ny» 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ke-täk go­ly 51-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Mat­tia Zak­ka­ni öz ady­na ýaz­dyr­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ry has-da dart­gyn­ly ýag­daý­da bol­dy. 90+6-njy mi­nut­da «La­sio­dan» Ped­ro, 90+10-njy mi­nut­da «Ro­ma­dan» Ser­dar Az­mun bi­len 90+11-nji mi­nut­da Jun­lu­ka Man­çi­ni gy­zyl kart al­dy.

«Mi­lan» bi­len «Ata­lan­ta­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri 45-nji mi­nut­da Ra­fa­el Leao­nyň go­ly bi­len öňe geç­se-de, myh­man­lar Te­un Ko­op­maý­ner­siň 45+2-nji hem-de 59-njy (p) mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry esa­syn­da ýa­rym fi­na­la çyk­dy. 2018-nji ýyldan bäri finala çykyp bilmeýän «Milan» soňky gezek kubogy 2003-nji ýylda gazanypdy. Esa­sy hem-de goş­ma­ça wag­ty gol­suz ge­çen du­şu­şyk­da «Fio­ren­ti­na» pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de «Bo­lon­ýa­ny» 5–4 ha­sa­byn­da utup, ýa­rym fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy.

Beýleki habarlar