Dün­ýä Ku­bo­gy­ny fut­bol­çy hem-de tä­lim­çi hök­mün­de ga­za­nyp­dy­lar

12 Ýanwar 2024
396

Soň­ky 7 gü­nüň do­wa­myn­da dün­ýä fut­bo­ly­nyň 2 ägir­di ara­dan çyk­dy. Il­ki 5-nji ýan­war­da bra­zi­li­ýa­ly ozal­ky fut­bol­çy hem-de tä­lim­çi Ma­rio Za­gal­lo 92 ýa­şyn­da, soň­ra 7-nji ýan­war­da-da ne­mes fut­bo­ly­nyň iň meş­hur ýyl­dy­zy Frans Bek­ken­bauer 78 ýa­şyn­da ýag­ty ja­han bi­len hoş­laş­dy. Ola­ryň iki­si-de fut­bo­lyň iň uly ku­bo­gy­ny il­ki fut­bol­çy, soň­ra tä­lim­çi hök­mün­de as­ma­na gö­te­ren dün­ýä­dä­ki 3 şah­sy­ýe­tiň il­kin­ji iki­si­di­ler. 

1931-nji ýyl­da ýur­du­nyň Ata­lai­a şä­he­rin­de dün­ýä inen Ma­rio Za­gal­lo fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­nda «Ame­ri­ka», «Fla­men­go», «Bo­ta­fo­ga» ýa­ly klub­lar­da oý­na­ýar. 1958-nji we 1962-nji ýyl­lar­da fut­bol­çy hök­mün­de Dün­ýä­niň çem­pio­ny bo­lan Za­gal­lo, 1970-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň baş tä­lim­çi­si hök­mün­de-de ku­bo­gy as­ma­na gal­dy­ryp­dy. 1994-nji ýyl­da bol­sa ol baş tä­lim­çi­niň kö­mek­çi­si hök­mün­de ku­bo­gy eýe­läp­di. Ol Dün­ýä Ku­bo­gy­ny oýun­çy hem-de tä­lim­çi bo­lup ga­za­nan il­kin­ji şah­sy­ýet bo­lup­dy. On­dan soň bu hor­ma­ta Frans Bek­ken­bauer bi­len Di­die De­şam hem ýe­tip­di. 1994-nji ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­ny-da ha­sa­ba al­sak, on­da ol bu iň ar­zy­ly ku­bo­gy 4 ge­zek eýe­län ýe­ke-täk fut­bol hü­när­me­ni­dir. Za­gal­lo Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na 3 dür­li dö­wür­de tä­lim­çi­lik et­di. Bra­zi­li­ýa­da «Bo­ta­fo­go», «Flu­mi­nen­se», «Fla­men­go», «Was­ko de Ga­ma» ýa­ly klub­la­ra tä­lim be­ren Za­gal­lo Ku­weý­tiň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, BAE-niň ýy­gyn­dy­la­ry­nyň hem baş tä­lim­çi­si we­zi­pe­sin­de iş­le­di.

Beýleki habarlar