Döwrebap tehnologiýalar bilen ösüş ýolunda

12 Ýanwar 2024
925

Bilim işine öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň şerti hasaplanýar. Şeýle wezipeleriň biri-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli hünär okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak bilen baglanyşyklydyr.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleri kämilleşdirmäge gönükdirilen «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň goşulmagy bu ugurda guwandyryjy ädimlerden habar berýär. Bu sanawda dünýä uniwersitetlerine 6 ugur — uniwersitet düzümleri we olaryň daşky gurşawa täsiri; energiýa sarp edilişiniň we onuň tygşytlanylyşynyň görkezijileri; galyndylary gaýtadan işlemek; ekologiýa babatda bilim bermek we ylmy gözlegler; suwdan rejeli peýdalanmak; ulag syýasaty boýunça baha berilýär.

Abat BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar