Antibiotiklerden peýdalanmagyň düzgünleri

11 Ýanwar 2024
628

Kesel bejerişde birnäçe usullar, dürli derman serişdeleri ulanylýar. Olaryň biri-de antibiotiklerdir. Antibiotikler bakteriýalardyr beýleki mikroblaryň köpelmegini togtadýan maddalardyr. Olar täsiri boýunça iki topara bölünýär. Birinjisi bakterisidler bolup, onuň işjeň maddalary bakteriýalary doly ýok edýär. Şeýle güýçli dermanlar kabul edilenden soň, adam bedenindäki kesel dörediji mikroflora aýrylýar. Ikinjisi bakteriostatikler bolup, ol bakteriýalaryň ösüşini we ýaýramagyny togtadýar.

Antibiotikler, esasan, pnewmoniýany, inçekeseli, salmonellezi we beýleki keselleri bejermekde giňden ulanylýar. Olary ulanmagyň düzgünini kesel bejeriji lukman kesgitleýär. Häzirki döwürde antibiotikler birnäçe tapgyrda ulanylýar. Bu ýagdaý mikroblaryň antibiotiklere durnuklylygy bilen baglydyr. Mikroblar ozalky antibiotiklere gowy uýgunlaşandan soňra, olaryň täze tapgyryny ulanmaly bolýar.

Akbibi TÄÇMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki Neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar