Perzent terbiýesi

28 Dekabr 2023
782

Ýetginjek çagalarymyzyň ruhy, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy üçin ähli tagallalary etmek diňe bir ene-atanyň däl, lukmanlaryň hem borjuna girýär. Biz çagalarymyzyň jyns baradaky tebigy gyzyklanmalaryna jogap bermäge taýyn bolmaly. Haçan-da çagalar ýetginjek ýaşyna ýetenlerinde, ilkinji täze duýgulary başdan geçirýärler. Şonda olar özlerini kemala gelen, uly adam hasaplaýarlar. Türkmençilikde ahlak terbiýesi dogrusynda çagalaryň, ogluň, gyzyň, agtyklaryň bilen aç-açan gürrüňdeşlik etmekden çekinilýär, bu biziň ganymyzda bar. Emma şeýle-de bolsa, şu günki günüň talaby: biz — ene-atalar çagalarymyzyň geljeginiň hatyrasyna, çekinjeňligi aradan aýryp, olar bilen syrdaş bolmaly. Eger-de pursady elden bersek, onda ýetginjek çagalarymyz bu soraglaryň jogaplaryny deň-duşlaryndan gözleýärler. Çylşyrymly ýagdaýlar, käbir ýaramaz hereketler ýüze çykmaz ýaly, ýetginjekler we gyzlar bilen ahlak terbiýesi dogrusynda gürrüňdeşlik geçirmeli. Mekdepde, işde, umuman, durmuşda bolýan täzelikleri ara alyp maslahatlaşmak çagalar bilen açyk gürrüň etmäge mümkinçilik döreder. Olar bilen ahlak gürrüňdeşligi geçirilende, käbir kynçylyklara, oňaýsyzlyklara duçar bolunmagy mümkin. Şonuň üçin aşakdaky maslahatlardan peýdalanyň. Bular siziň käbir kynçylyklaryňyzyň ýeňillik bilen aradan aýrylmagyna kömek eder.

Maýsa ÝALKAPOWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň öňüni alyş bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar