Täze belentlikleriň badalgasy

27 Dekabr 2023
463

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili görnetin ýokarlandy. Munuň şeýledigini soňky ýyllaryň içinde açylyp, ulanylmaga berlen saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, durky täzelenilen saglygy goraýyş edaralarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Tutumy uludan tutulýan bu işler täze belentlikleriň badalgasydyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Dänew we Saýat etraplarynyň durky täzelenilen hassahanalarynyň birbada işe girizilmegi hem ýokarda aýdylanlaryň bir mysalydyr. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilýän günlerinde ulanylmaga berlen Dänew etrap hassahanamyzda Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şweýsariýada, Ýaponiýada, Niderlandlar Patyşalygynda, Beýik Britaniýada, Italiýada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Çehiýada we beýleki öňdebaryjy döwletlerde öndürilen saglygy goraýyş maksatly täze enjamlaryň 208-si oturdyldy. Häzirki wagtda ýörite taýýarlykly lukmanlarymyz olardan netijeli peýdalanyp, ilatymyza ýokary derejede hyzmat edýärler.

Atahan ÇARYÝEW,
Dänew etrap hassahanasynyň baş lukmany.
Beýleki habarlar