Ýiti respirator keseliniň öňüni alyş çäreleri

19 Dekabr 2023
724

Gyş paslynda döräp biläýjek ýiti respirator keseliniň öňüni almak möhümdir. Ýokanç keselleriň düzümini dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keselleri düzýär. Bu ýokanç keseliniň esasy öňüni alyş çäreleri adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmakdyr.

Şeýle keselleriň öňüni almak üçin şulary maslahat berýäris. Otag howasyna gözegçilik ediň. Yssy gurak howada wirus çalt ýaýrap, işjeňligini uzak saklaýar. Maýyl, çygly otagda wirus çalt dargaýar. Pollary ýuwuň, howany çyglandyryjy enjamlary ulanyň. Burnuň nemli gatlagy gurak bolsa ýerli immunitet peselýär we wirus aňsat aralaşýar. Otaglary her gün 3-4 gezek ýelejiretmeli. Ýiti respirator ýokanç keselini bejermekde etiotrop bejergi geçirilýär. Mundan başga-da, keseliň öňüni almak, ondan goranmak üçin dermanlyk ösümlikleri ulanmak örän peýdalydyr. Olardan iň ýörgünlileri limon, itburun, ary baly, süle, sogan, sarymsak, üzärlikdir. Olary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp ulanmaly.

Annagözel GURBANALYÝEWA,
Aşgabat şäher talyplar saglyk öýüniň terapewt lukmany.
Beýleki habarlar