Sagdyn we owadan boluň!

13 Dekabr 2023
616

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgelerine kadaly eýerýän, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň barha artýandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Munuň özi ynsan saglygynyň ähli gymmatlyklardan ileri görülýän ýurdumyzda saglygy goraýyş işiniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny görkezýär.

Sporty hemra edinmek bilen, adam beden hem ruhy synalaryny taplaýar, saglygyny pugtalandyrýar, dem alyş, ýürek-damar, hereket ediş ulgamlarynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda ýerine ýetirilýän beden maşklary synalarda keseliň ýüze çykmagynyň öňüni almaga ýardam edýär, adamyň ömür dowamlylygyny uzaldýar. Üstesine-de, sport maşklary göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar, pikirleriňi jemlemäge ýardam edýär.

Bagtyýar KURBANOW,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar