Bütindünýä howa sammiti — bitewüligiň ykrarnamasy

6 Dekabr 2023
953

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkidýär. Golaýda, has takygy, 1-2-nji dekabr günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrmagy hem-de Bütindünýä howa sammitinde eden çuň many-mazmunly çykyşy-da munuň aýdyň güwäsi boldy.

Mälim bolşy ýaly, indi 28-nji gezek geçirilýän bu sammit BAE-niň Dubaý şäherinde şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli dowam edýär. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller, döwlet we hökümet Baştutanlary, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, raýat jemgyýetçiliginiň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşýarlar.

Aýgül ROZMETOWA,
Şabat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar