Gastroezofageal reflýuks keselini anyklamakda we bejermekde pH-metriýanyň ähmiýeti

5 Dekabr 2023
1000

Çaryýar ANNASÄHEDOW
«Arçman» şypahanasy

Gastroezofageal reflýuks keseli (GERK) iýmit siňdiriş ulgamynyň iň köp ýaýran keselleriniň biri hasaplanyp, orta hasap bilen dünýä ilatynyň 20% töweregi bu keselden ejir çekýär. GERK Demirgazyk Amerikada (28%-e çenli), Ýewropada (26%-e çenli) we günorta-gündogar Aziýa döwletlerinde (33%-e çenli) köp duş gelýär, Russiýada uly ýaşly ilatyň 13,3%-e çenlisinde ýüze çykaryldy. GERK (turşulyk reflýuksy) aşgazan boşlugyndaky suwuklygyň we aşgazan kislotasynyň gyzylödege zyňylmagy netijesinde döreýän keseldir [3, 6]. Gyzylödek damak bilen aşgazany birleşdirýän agza bolup, häzirki zaman düşünjelerine görä, GERK-e gyzylödegiň we aşgazanyň motorikasynyň ilkinji bozulmasy hökmünde seredilýär. Uzak wagtlap dowam edýän reflýuks ezofagitiň netijesi striktura, metaplaziýa, gyzylödegiň täze döremesine sebäp bolup biler. GERK diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem, ol sosial meselesine hem degişli bolup durýar, ýagny näsaglaryň köpüsi işe ukyply adamlar bolup durýar. Üstünlikli bejergi näsagyň keselini wagtynda kesgitlenmegidir [4, 9].

Beýleki habarlar