Limonyň peýdasy

22 Noýabr 2023
600

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden we sowuklamadan goranmak üçin pasla görä geýinmeli, şeýle-de jemgyýetçilik we şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri köpräk iýmeli, miwe şirelerini içmeli. Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol witaminleriň, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Limonyň adam bedenine peýdasy örän köpdür.

Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir. Limon tiz garramagyň öňüni alýar. Limonly çaý bedene goşmaça güýç berýär, ýadawlygy aýyrýar. Şeýle-de ol düzüminde demir we kaliý saklaýar. Limon ýokary gan basyşyny sazlaýar. Böwrekde daşyň döremeginiň öňüni alýar. Limonyň şiresi bagryň işini güýçlendirýär. Içegäniň işini sazlaýar.

Beýleki habarlar