Saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitleri

22 Noýabr 2023
654

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýe bolýar. Golaýda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar bolsa, bu ulgamda alnyp barylýan işleriň has hem öňe ilerleýändigini subut edýär. Ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň ýurdumyza gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar. Bu güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendiginiň subutnamasydyr. Resminamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş döwlet maksatnamalary bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Çünki Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek bilen, bu ugurda sebitleýin hem-de ählumumy derejedäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, saglygy goraýyş diplomatiýasynyň gurallarynyň netijeli peýdalanylmagyna mynasyp goşant goşýar. BSGG we BMG-niň agentlikleri bilen uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlarynda bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagyna, özara bähbitli tejribe alyşmaga, ylmy-barlag işlerini çuňlaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Sahid ANNANEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar