Il saglygy — ýurt baýlygy

22 Noýabr 2023
697

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyl, öňdengörüjilikli syýasatynyň esasyny düzýän, türkmen jemgyýetini batly depginler bilen netijeli ösdürmäge, pugtalandyrmaga, kämilleşdirmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem halkymyzyň saglygyny goramakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bu beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň goralmagy babatda giň gerimli işler bilen durmuşa geçirilýär.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky işleri üstünlikli çözmek üçin, ýurdumyzda halkyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda edilýän işler halkyň bähbidinden ugur alýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler halkyň saglygyny goramakda, berkitmekde, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Myrat BEKMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar