Garpyz

22 Noýabr 2023
716

Garpyz ganazlyk, ateroskleroz, gipertoniýa, bagyr kesellerinde, aşa semizlikde, artrit, peşew we öt ýollarynyň daş keselleriniň bejergisinde, onkologiki keselleriň öňüni almakda peýdalanylýar.

Hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça garpyzy, esasan hem, günorta nahardan soň ýa-da öýlänlik hökmünde ulanmak has amatly. Çünki garpyzyň düzüminiň köp böleginiň suwdan ybaratdygy sebäpli ol peşew çykaryjy häsiýete eýedir. Şeýle hem garpyz aşgazanda iýmitiň siňmegine oňyn täsirini ýetirýär. Garpyzy aşa köp mukdarda ulanmak maslahat berilmeýär, çünki ol bedenden gerekli mikroelementleriň, aminokislotalaryň köp mukdarda çykmagyna we bedende bu elementleriň ýetmezçiligine getirip biler.

Täzegül NEPESOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň metbugat bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar