Halkyň bagtyýarlygy — jemgyýetiň sagdynlygy

21 Noýabr 2023
885

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda ösüşleriň, öňegidişlikleriň her bir ugry hakynda beýik pikirlerini beýan etdi. Şol taryhy çykyşda saglyk ulgamy bilen bagly aýdylan sözler lukmançylyk ugrundan bilim alýan ýaşlar, lukmanlar, mugallymlar üçinem örän gymmatly pikirlerdir.

Alym Arkadagymyzyň: «Adam üçin iň möhüm zat — onuň saglygy. Saglyk ruhubelentlikdir. Saglyk dünýäde iň uly baýlykdyr, tükeniksiz hazynadyr» diýip, aýratyn nygtamagynda çuňňur many bardyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde, welaýatlarda döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň, kliniki we ylmy-kliniki merkezleriň bina edilmegi, lukmançylyk, sagaldyş-şypahana ugurly edaralaryň durkunyň täzelenilmegi aýdylanlara aýdyň mysaldyr.

Gözel ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent.
Beýleki habarlar