Güýzde ýylylygy saklamak üçin köp kaloriýa gerek bolýar. Şoňa görä-de, gündelik durmuşda kadaly iýmitlenmek, naharlary ýylylygyna iýmek zerur bolup durýar.
Güýzde ýygnalan miweleri, gök önümleri iýmeli. Ýeralma, käşir, şugundyr köp wagtlap zaýalanmaýar. Ýöne olaryň düzümindäki peýdaly maddalaryň kem-kemden ýitýändigini göz öňünde tutmaly.