Sagdynlygyň gözbaşy

15 Noýabr 2023
562

«Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen jümle bar. Her bir adamyň durmuş ýagdaýy onuň saglygyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek diýseň wajypdyr. Az hereketli durmuş, kada laýyk iýmitlenmezlik, dyngysyz ýüregi sarsdyrýan durmuşy ýagdaýlar, işdäki kynçylyklar, zyýanly endiklere ýykgyn bolmak, ukyny almazlyk saglyga zyýanlydyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň esasy şygarlarynyň birinde şeýle diýilýär: «Diňe keselleriň we beden kemçilikleriň bolmazlygyny däl, eýsem, doly fiziki, ruhy, ahlak we jemgyýetçilik abadançylygynyň bolmagyny gazanmalydyr».

Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesinden ýörejek bolýandyr. Sagdyn durmuş şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup, her bir adama başardýandyr. Biziň gündelik durmuşymyzda her bir ýagdaýyň ýagşy tarapyna üns berjek bolmaly. Gün tertibini saklamak, ýagny dogry we oňat gurnalan zähmet, oňat dynç alyşlar we ukyny almak sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Çilimkeşlik, spirtli içgilere ýykgyn bolmak ömri gysgaldýan ýaramaz endiklere degişlidir. Olar adamy tiz garradýar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende ömrüň kuwwatlylygy artýar.

Jeren AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Beýleki habarlar