Tikin önümlerine isleg ýokary

25 Oktýabr 2023
1432

«Esli» hojalyk jemgyýetiniň tikin kärhanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýär. Kärhananyň önümçilik işiniň esasy bölegini «Besti» haryt nyşanly çaga lybaslary eýeleýär. Bäsdeşlige ukyply bu önümler birnäçe ýurda eksport edilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan hojalyk jemgyýetiniň tikin kärhanasynyň işe girizilenine sanlyja ýyl geçendigine garamazdan, onuň önümleri gysga wagtda uly meşhurlyk gazandy. Tikinçi gelin-gyzlaryň 200-e golaýyny özünde jemleýän tikin kärhanasynda öndürilýän önümleriň esasy bölegi 6 aýlykdan başlap, 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen lybaslardyr. Öz işine ökde gelin-gyzlar önümçilik bölüminde ornaşdyrylan «Juki» ýapon kompaniýasynyň häzirki zaman tikin enjamlaryndan we beýleki degişli tehnologiýalardan oňat baş çykarýarlar. Şeýle bolansoň, olaryň tikýän lybaslary ýokary islege eýe.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar