Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy daşary ýurtlaryň ýaşlar birleşikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 12-nji
oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Aziýada özara hyzmatdaşlyk etmek we ynamy berkitmek boýunça Ýaşlar geňeşiniň 6-njy mejlisi hem-de onuň çäklerinde «Nesilleriň dialogy» atly forum hem bu hakykaty ýene bir gezek subut etdi.