Saglyk bähbitli hyzmatdaşlyk

19 Oktýabr 2023
638

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikdäki işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özara iki taraplaýyn bähbitli hem-de, şol bir wagtda, dünýäde parahatçylygy berkitmek, abadan, eşretli ýaşaýşy üpjün etmek babatynda halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasaty, esasan-da, her bir ynsanyň sagdyn bolmagyny, päk zähmetiň hözirini görüp, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň bu syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda her bir raýatyň abadan ýaşaýşyny, saglygyny üpjün etmegiň wezipeleri takyk kesgitlenilýär.

Annamyrat AKYÝEW,
«Saglyk».
Beýleki habarlar