Abadan durmuşyň kepili

18 Oktýabr 2023
598

Halkymyzyň «Gallaly öý — Allaly öý», «Gallam bar — tyllam bar», «Bugdaýy bolmadygyň ýagdaýy bolmaz» diýen nakyldyr atalar sözleri azyk bolçulygynyň ýurduň ykdysady kuwwatynyň-da, abadançylygynyň-da, ilatyň bagtyýar durmuşynyň-da möhüm görkezijisi hem-de aýrylmaz şerti bolup durýandygyny beýan edýär. Azyk howpsuzlygy bu günki günde ählumumy gün tertibinde möhüm ugur bolmagynda galýar. Ony üpjün etmegiň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň-de, sebitleýin düzümleriň-de bilelikdäki işi, pikirdeşligi, tagallasy bilen mümkindigini dünýä tejribesi aýan edýär.

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky çykyşynda dünýäde azyk meselesini çözmek barada aýdanlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu meselede BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugry bolup durýar. Dünýäde bolup geçýän dürli ýagdaýlar her hili amatsyz şertleri ýüze çykarmak bilen, azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini aýan etdi. Bu meseleleri çözmek üçin, ilkinji nobatda, ýurtlaryň, sebitleriň arasynda agzybirligi, tutanýerliligi, aýgytlylygy berkitmek zerur. Dürli päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler gerek. Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýändigini, bu çäräni ylalaşylan möhletlerde türkmen paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygyny nygtady.

Arslan GURBANNAZAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar