Edebi dostluk — ebedi dostluk

6 Oktýabr 2023
684

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Garaşsyz Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar hem dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we deňhukuklylygyň mizemez ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlykdyr.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni we döredijilik saparlaryny guramak, sungat festiwallarynydyr sergileri, Medeniýet günlerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Her ýyl ýurdumyzyň şahyrlaryndan, žurnalistlerinden, medeniýet işgärlerinden ybarat bolan wekilçilikli topar Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we atasy Döwletmämmet Azadynyň kümmetlerine zyýarat edýär. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna bu ýerde birnäçe çäreler geçirildi.

Gözel PIRMUHAMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar