Beýik işleriň ykrarnamasy

4 Oktýabr 2023
761

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ösdürmekde, halkara giňişlikde ilerletmekde dünýäde ykrar edilen Lider hökmünde tanalýan Gahryman Arkadagymyzyň şahsy goşandy örän uludyr. 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň Çözgüdiniň kabul edilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göteren hoş habar boldy.

Milli Liderimiz abraýly sylagyň gowşurylyş dabarasynda: «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany meni halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine ähli güýç-gaýratymy we durmuş tejribämi gaýgyrman mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär» diýip belledi. Magtymguly Pyragynyň sözlerini, doganlyk halklaryň pähimlerini mysal getirip, ata-babalarymyzyň hemişe jebislige çagyrandygy, şoňa görä-de, häzirki günde syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer meselelerde pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýändigimiz hakynda çuň manyly çykyş etdi.

Ogulbeg ANNAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar