Öwütlere eýermek — borjumyz

17 Sentýabr 2021
2433

Her gezek çykyşlaryny diňlänimde, jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryny okanymda, hormatly Prezidentimiziň nähili giňişleýin möçberde pikirlenýändiginiň, ýurdumyzyň şu güni we geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň hiç birini-de ünsden düşürmän gelýändiginiň şaýady bolýaryn. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyna gatnaşmak we onda eden taryhy çykyşyny diňlemek bagty miýesser etdi. Şonda ýene-de bir gezek milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli aladalarynyň global häsiýete eýediginiň şaýady boldum. Onda aýdylanlaryň ählisi barada gürrüň etjek bolsaň, bir makalanyň möçberi ýeterlik bolmaz. Şonuň üçin hem şu ýazgylarymda ýaşlara ylym, bilim we terbiýe bermek boýunça milli Liderimiziň beren maslahatlarynyň, bu ugurda şu wagta çenli amala aşyrylan işleriň käbirleri barada durup geçmekçi.

Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşynda: «Men «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabymda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belläpdim. Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris» diýip, ylmyň, bilimiň we terbiýäniň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ähmiýetini açyp görkezdi. Olaryň ýokary derejede döwrüň talaplaryna we häzirkizaman pedagogikasynyň gazananlaryna daýanylyp berilmegi üçin bolsa ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim we ylym edaralarynyň ähli düzümlerinde asyrlaryň hümmetine barabar özgertmeler amala aşyryldy. Muňa şaýatlyk edýän ýekeje bir mysal getireýin. Indi mekdep okuwçylarynyň ählisinde mundan on ýyl gowrak ozal hemmelere elýeter bolmadyk kompýuterler bar. Özem olar häzirkizaman tehnologiýasy bilen mugt üpjün edilýärler. Her ýyl birinji synpa barýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuklar sowgat berilýär. Şeýlelikde ýaňy bilim dünýäsine gadam basan körpelerden başlap, ähli ýaşdaky okuwçylara ylmyň gazananlaryna daýanyp, döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaga şert döredildi. Çagalar baglarynda, orta mekdeplerde kompýuter otaglarynyň döredilmegi, olaryň interaktiw tagtalar, okatmagyň multimediýa serişdeleri bilen üpjün edilmegi bolsa okuwyň gidişini häzirki zaman bilen aýakdaş alyp barmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamynda synagdan geçirilen, özüniň netijeliligini görkezen usullary iş tejribesine ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Gadam ŞEMSETDINOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar