Ýaşlar — geljegiň eýeleri

25 Fewral 2021
1641

Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi bagtly geljegiň girewidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ylym-bilimiň, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň sazlaşýan ýerinde ynsan özüni bagtyýar duýýar. Bularyň ählisi utgaşyp, adamy ösüşlere we belent sepgitlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna, bilim ulgamyny, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda köpugurly düzüm döredildi. Munuň özi halkara ölçeglere kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär, onuň düzümine ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Aýna ŞAMAKOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar