Ýeňişli ýollara badalga

22 Fewral 2021
1844

Şol gün etrapdaky Dostluk bagynyň meýdançasynyň daş-töweregi toý lybasyna beslenipdi. Güneşiň çogy, howanyň hoştaplygy bu ýere üýşen adamlaryň meňzine mähir, kalbyna şatlyk çaýýardy. Meýdançanyň bir ýerinde sungat ussatlarynyň aýdymdyr sazlarynyň owazy alyslara ýaň salsa, ýene bir ýerinde wäşileriň gülküli degişme sahnalary mähelläniň göwnüni göterýärdi. Doganlar Guwançdyr Batyr hem deň-duşlary bilen bilelikde bu ýere gelipdiler. Türkmen milli oýunlarynyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilip duran ýerindäki şowhunly sesler olaryň ünsüni özüne çekdi. Daş-töweregi dürli ýaşdaky adamlar bilen gurşalan meýdançanyň ortasynda pälwanlar öz aralarynda erjellik bilen güýç synanyşýardylar. Ýeňiş gazanan pälwanlar mynasyp baýraklar bilen sylaglanylýardy. Tälimçi şol wagt ýetginjeklerden göreşe höwes bildirýänleri bar bolsa, meýdança gelmegini teklip etdi. Guwanç deň-duşlarynyň arasynda güýjüni synap görmek üçin ilkinjileriň biri bolup meýdança çykypdy. Şol gün garşydaşyny ýeňmegi başaran ýaş ýigidi tomaşaçylaryň «Berekella, pälwan ýigit, berekella!» diýip, şowhun bilen garşylamagy diýseň ruhlandyrypdy. Guwanja bu ýeňşi üçin ýadygärlik sowgady hem gowşurylypdy. Şeýdibem ol sportuň bu görnüşine imrinip gidipdi.

Ol Saýat etrabyndaky 1-nji sport mekdebine gatnap, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, türkmen milli göreşi boýunça sport ussady, mekdebiň halypa tälimçisi Narmämet Gurbanowdan türkmen milli we guşakly göreşiniň syrly emellerini ele alyp, öz ukyp-başarnygyny artdyrdy. Ýaş ýetginjegiň göreş sungatyna bolan yhlasy, çeýeligi ony az wagtyň içinde uly üstünliklere ýetirdi. Häzirki wagtda Saýat etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýan Guwanç Hemraýew türkmen milli göreşi boýunça «Türkmenistanyň çempiony» diýen ada eýe boldy. Saýlan ugry boýunça belli türgenleriň birine öwrülen Guwanç etrap, welaýat hem-de döwlet derejelerindäki ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlaryň birnäçesine mynasyp boldy. Ýaryşlarda tejribe toplady hem-de taplandy.

Bahar NAZAROWA.
Beýleki habarlar