Ýyladyşhana toplumynda

29 Ýanwar 2021
2718

Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligiň ösüşine berýän ünsi, hususy pudagyň wekillerine döredip berýän ähli şertleri netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Olaryň agrosenagat toplumyndaky gazanýan üstünlikleri şeýle diýmäge esas berýär. Bu babatda «Röwşen — Rahym» daýhan hojalygy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler has-da öwgä mynasypdyr.

Agzalan daýhan hojalygy tarapyndan Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde döwrebap guşçulyk we ýyladyşhana toplumlarynyň işi ýokary talaplara laýyklykda ýola goýlupdyr. Golaýda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlangyjy esasynda daýhan hojalygynyň döwrebap ýyladyşhana toplumynda bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen iş üstünde tanyşmak miýesser etdi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: ýyladyşhana toplumynyň işinden pursatlar. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar