Yhlasly nebitçiler

28 Ýanwar 2021
1661

Endigan ýaýylyp gidýän şorluklaryň, soňy bilenem biri beýlekisinden belent guba çägeleriň arasyndan uzalyp gidýän asfalt ýoly külterläp barýan awtoulagyň aýnasyndan daşky görnüşi synlap oturyşyma, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň baş geology Täzemyrat Babaýewiň zähmet çekýän ulgamy barada beletlik bilen berýän gürrüňleri mende uly gyzyklanma döretdi.

— Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň her bir ulgamynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtaýar. Biziň kärhanamyzda hem halypa-şägirtlik mekdebi öz köklerini juda aňyrdan alyp gaýdýar. Türkmeniň mukaddes topragyndan “gara altyn” çykarmagyň şöhratly taryhy hem hut biziň häzirki iş alyp barýan “Nebitdag”, onuň töwereklerindäki baýlyklar mesgeni bilen baglydyr. Mundan iki asyra golaý öň Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde gidrogeologik kartalary düzen ilkinji rus gidrogeologlarynyň galdyran ýazgylarynda: “Türkmenler bu ýerden Nebitli dag entek ada öwrülmezinden öň hem nebit alýan ekenler” diýen bellikler bar. Bu ýerde ilkinji burawlaýyş işi 1882-nji ýylyň iýul aýynda amala aşyrylýar. Ol guýy her gije-gündizde bir müň putdan hem köp nebit beripdir. Şol ýyl bu ýerde gazylan guýularyň sany bäşe ýetýär. Şondan ýarym asyra golaý soň, ýagny 1930-njy ýylda 24-nji guýuda burawlanan dag jynslarynyň çuňlugy 471 metre ýetende, güýçli nebit akymy alynýar. 1935-nji ýylyň 14-nji martynda bolsa 13-nji guýda 436 — 438 metr çuňlukdan örän uly möçberdäki çüwdürimli nebit akymy alnypdyr. Biz “Nebitdag” ýatagynyň önümliligini berkitmek üçin häzirki döwürde-de tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys — diýip, baş geolog gürrüň berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar