Watan goragy mukaddesdir

25 Ýanwar 2021
2016

Jeýhun bilen bahry Hazar arasy eý, eziz Diýar! Goýnuňda ýaşaýan her bir ynsan üçin senden uly gymmatlyk, uly baýlyk ýokdur. Çünki seniň topragyň asty hem, üsti hem — egsilmez hazyna! Seniň goýnuňda bagtyýarlyk höküm sürýär. Ýurt parahatçylygy, asuda ýaşaýyş we erkinlik Watana bolan söýgini has hem artdyrýar. Halkyna erkanalygy, özbaşdaklygy, gülläp ösüşi bagyş eden jan Türkmenistanym, saňa näçe buýsansaň hem, guwansaň hem az! Biz pederlerimiziň arzuwlan bagtyýar durmuşynyň bagty çüwenleridiris. Ata-babalarymyz şeýle ajaýyp ýurdy gurmak, berkarar etmek üçin ömürlerini bagyş etdiler. Muňa şöhratly taryhymyzyň her güni şaýat.

Watany başynyň täjine deňän il ogullary seniň ýeke daban ýeriňi goramak ugrunda gör, nähili agyr hupbatlary başdan geçirdiler! Sarahs, Mary, Gazawat, Garrygala, Gökdepe söweşlerinde gör, näçe ärler seniň goragyňda başlaryny gurban etdiler! 1941 ― 1945-nji ýyllarda merdana gerçekleriň görkezen edermenligi hem öçmez-ýitmezdir. Biz Watanymyzy döş gerip goran şol gahrymanlarymyza, merdanalarymyza guwanýarys, olaryň mertebesini hemişe belentde tutýarys. Çünki nesilden-nesle geçip, halkyň kalbynda ebedi orun alan Watan ogullarynyň gahrymançylykly ýollary biziň üçin mähriban ýurduňy, onuň erkinligini söýmegiň we goramagyň beýik mekdebidir.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar