Watan goragçylarynyň gününe

22 Ýanwar 2021
1788

Mertebe mukaddesligi

Baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, dostana gatnaşyklary ösdürmäge hem-de olaryň täze derejelere çykarylmagyna saldamly goşant goşup gelýär. Bu babatda milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň ählumumy ykrary bilen üstümizdäki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem tassyklaýar. Döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy hem baky Bitaraplyk derejesiniň talaplaryna doly laýyk gelýär. Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde ol ýurdumyzda hem-de halkara giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Perman MYRADOW,
welaýat gümrükhanasynyň «Daşoguz demirýollary» gümrük nokadynyň uly gözegçisi, maýor.
Beýleki habarlar