Tutumly taslamalar — Şanly ýylymyzyň rowaçlygynyň buşlugy

18 Ýanwar 2021
1628

Eziz Arkadagymyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda halkara derejesindäki möhüm ähmiýetli desgalaryň birbada bäşisine — Akina—Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar —Akina we Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň, şeýle hem Çärjew etrabynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi ulus-ilimiziň göwün guşuny ganatlandyryp, ruhuny belende göterdi. Şu günler diňe bir welaýatymyzyň durmuşynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem tolgundyryjy duýgulary döredip, hakydalarda öçmejek yz goýan taryhy wakalara şaýat bolmagyň şatlygy ildeşlerimiziň uludan-kiçisiniň kalbyny egsilmez buýsanja besleýär.

Bu taryhy waka mynasybetli geçen şenbe güni welaýat häkimliginde welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, il sylagly ýaşulularyň hem-de kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahaty welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew açyp, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza Şa gadamynyň düşmegi bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günleriniň iňňän uly ähmiýetli taryhy wakalara beslenendigini belledi. Ol şu ýylyň 14-15-nji ýanwarynda işe girizilen giň möçberli taslamalaryň ähmiýeti barada giňişleýin durup geçmek bilen, olaryň diňe bir ýurdumyzyň şanly ösüşleriniň binýadyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäde parahatçylygyň berkemegine, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ygtybarly hyzmat etjekdigini belledi.

Beýleki habarlar