Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary

17 Ýanwar 2021
1709

Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesiniň Medeniýet öýünde dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi gurady. Oňa dürli kärde zähmet çekýän işeňňir zenanlar gatnaşdy.

«Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, gadam basylan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen gutlady hem-de ýylyň şygary astynda geçiriljek çäreleriň ähmiýeti, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň öňünde durýan wezipeler barada täsirli gürrüň etdi. Onuň belleýşi ýaly, ýaşlary ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine gönükdirilen işleriň yzygiderli häsiýetde alnyp barylmagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň mynasyp orny bardyr. Şoňa görä-de, şanly ýylymyzda ýerlerde gelin-gyzlaryň arasynda baý many-mazmunly çäreleri, şol sanda wagyz-nesihat duşuşyklaryny, maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we täsirli bäsleşikleri geçirmekde hem-de şolaryň netijeliligini gazanmakda öňdebaryjy zenanlaryň işjeňligi möhümdir.

Gülşirin ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni. SURATLARDA: dabaraly maslahatdan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar