Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

14 Ýanwar 2021
1947

(Dowamy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda).

2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlary bilen taryhy duşuşygy boldy. Onda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek we milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna birnäçe teklipleri we tabşyryklary berdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kabul edilmeli we rejelenen görnüşlerini işläp düzmek boýunça kodeksleriň üstünde durup geçmek bilen, Administratiw iş ýörediş kodeksini kabul etmegi, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamagy, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini, Raýat kodeksiniň täze redaksiýasyny, Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşini taýýarlamagy hem tabşyrdy.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridiki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar