Hazynadaky täsinlikler

12 Ýanwar 2021
3264

Taryhyň köp syrlaryny özünde jemleýän Kaka topragy Namazga depe, Altyndepe, Ulugdepe, Hysrowgala, Mäne Baba kümmeti, Kufen gala, Hywabat, Garahan gala, Kaka medresesi, Sandykly Baba, Bedene galasy ýaly onlarça taryhy ýerleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerleriň taryhy syrlaryny öwrenip, asyrlaryň geçmegi bilen ýer astynda galan milli gymmatlyklary ýüze çykarmakda etrabyň «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasy uly işleri alyp barýar. Goraghananyň etrap merkezinde ýörite muzeý gaznasy bolup, onda ady agzalan taryhy ýerlerden tapylan milli gymmatlyklar aýawly hem ygtybarly saklanýar.

Muzeý gaznasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleri, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, zähmet gurallary, öý-hojalyk işleri üçin zerur bolan enjamlar, körpe nesillere niýetlenip ýasalan gadymy nusgalar beýanyny tapýar. Mirasgär A.Halmyradow «Gadymy Abiwerd» atly kitabynda Altyndepäniň dünýäniň taryh ylmyndaky meşhur Şumer we Wawilon, gadymy Hindi, gadymy Hytaý siwilizasiýasy bilen deň hatarda durýandygyny belleýär.

Jeren BAKYÝEWA,
Kaka etrabyndaky «Bägül» atly 9-njy çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar