Tebigy baýlyklarymyz — gymmatlygymyz

11 Ýanwar 2021
2160

Türkmenistan Diýarymyz ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelere baý ýurtlaryň hataryna girýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär» diýip bellenilýär. Şeýle hem Baş Kanunymyzyň 5-nji maddasynda: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýlip bellenilýär. Munuň özi adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bilen bagly bolan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde aýdyň şöhlelenýär.

Jennetgül ORAZOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar