“Jadyly baýramçylyk” dürli yklymlarda

24 Dekabr 2024
89

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde maşgala baýramçylygy hökmünde meşhurdyr. Bu baýramyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär.

“Kamboja Täze ýyly” ady bilen bellenýän Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda bellenilip geçilýär. Bu täze ýyl baýramçylygy 3 gün dowam edip, onuň ilkinji güni “Moha Sonkran” diýip atlandyrylsa, ikinji we üçünji günleri “Wirak Wanabat” we “Wirak Lourng Sak” atlary bilen bellidir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jangeldi IŞANKULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar