Suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary

24 Dekabr 2024
97

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, oba senagat toplumyny, şol sanda suw hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli we tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesi aýratyn orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Şu ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçirilýän «Bitewi suw» sammiti Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar