Sähranyň dirilik çeşmesi

7 Ýanwar 2021
3055

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň halk hojalygyny, oba hojalygyny ösdürmekde täze mümkinçilikler döredi. Kölüň taslamasy ekologiýa taýdan möhüm ähmiýetli innowasion taslama bolup, dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly umumadamzat meselelerini çözmäge ýurdumyzyň uly goşant goşýandygyny subut edýär.

Garagumuň uly emeli suw howdanynyň sebitini özleşdirmegiň konsepsiýasynyň we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Bu ýerde täze durmuş-önümçilik toplumy kemala gelýär. Ymgyr sähranyň özleşdirilmegi, köl güzerinde täze obanyň döredilmegi ýurdumyzyň maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk pudaklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Ejegyz SAPAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar