Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti

12 Dekabr 2024
159

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasy ugruna berk eýermegini dowam etdirýär. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli ädim bolandygyny bellemek gerek.

Beýleki habarlar