Rowaçlyga beslenýän beýik işler

15 Noýabr 2024
241

Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli bu tutum ýokary depginlerde dowam etdirilip, soňky ýyllarda saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda gazanylan öňegidişlikler ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hem bu barada gürrüň edildi.

Şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşylan mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar